züme – Kerim Gurbannepesow

On üçmi
Ýa on dört ýaşap,
Çepek geýip, ile çykdyň.
Galamyňy dula taşlap,
Çep gulakly pile çykdyň.

Ataň öldi. Towlanmadyň.
Möňňürmediň. Togalanmadyň.
(Ýa-da juda oglanmydyň?
Ne sebäpden beýle çykdyň?

Aga ýitdi, ata öldi,
(Gezermikäň hülli-hülli!)
Ýöne Seniň bagtyň geldi –
Eneň bilen ýola çykdyň.

Kabul etdi agras Tejen,
Bugdaýlary goňras Tejen.
Burugsa, burugsat, Tejen.
Bir ot gözläp, seýle çykdym.

Alym Tejen oda derek
Berdi ot dek bugdaýorak…
Dabanlaryň darak-darak,
Sagdan orduň, sola çykdyň.

Ýer ýüzüni bugdaý edip,
Her dessesin bogdak edip,
Bogdagyny baýdak edip,
Ýeňiş üçin ýola çykdyň.

Gazdyň gazy, çyzdyň goşgy.
Ýesir etdi gyzlaň yşgy.
Haýsyn görseň –
şol hem ýagşy.
Bir täsinje
Owlajykdyň.

Mälediň sen, mälediň sen
Birin hasam haladyň sen.
Barmy puluň, haladyň seň?
Ýokdy. Derrew nola çykdyň.

Başky Söýgiň ýykdy aldap.
Böküp turduň… Bolduň soldat.
Gaýdyp geldiň.
Dostlaň goldap,
Bir gözeli dula çekdiň.

…Sapak berdi alym, hatdat.
Öýüň kitap, ýüküň kitap,
Gündiz ýanyp, gije tütäp,
Şahyr bolduň,
«molla» çykdyň.

Iller saňa diýdi şahyr.
Azda-kände adyň zahyr…
Diri wagtyň bolma pahyr,
Çyksaň
lowlap
ile çykgyn!

Şahyrlyk bir jaňly kerwen.
(Ýolda diňlen, öýde diňlen!)
Diňlenmeseň
ýene derrew
Çep gulakly pile çykgyn…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.