Ýolda Köp Büdreýän Gatyryn Düýe Ýanynda Zeýrenisi Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÝOLDA KÖP BÜDREÝÄN GATYRYN DÜÝE ÝANYNDA ZEÝRENISI HAKYNDA HEKAÝAT

Bir Gatyr zeýrendi ýanynda Düýän:
«Ýola çyksam häli-sindi büdreýän.
Ýöremäm hyllalla islendik ýolda,
Garaz, bolup ýörsüm gözgyny halda.
Dyzlam sypjyrylýar, ýa degýär kelläm,
Son üçin kän menin üstümden gülýän.
Sol sebäpli halys azdy men gäbim,
Sen-ä büdräenok, aýt-da sebäbin?»
Düýe ona jogap berdi howlukman:
«Biler bolsan, men has uzagrak bakýan.
Senin görýän ýerin sähelçe ara,
Ana, sol hem seni goýýar azara.
Men töwerek-dasa belentden garap,
Äwmän, alnasaman barýaryn ýöräp.
Hut gözüm ýok ýaly, süssürlip barman,
Çukur-oýy saýgarmagy basarýan.
Senin gözün ýetýän ýeri seýle dar,
Dine sol sebäpli çekýärsin azar.
Ýörejek ýoluny ykjam saýgarman,
Ädim ursan, mydam çekersin arman».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

Hits: 7

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.