ykdy-Da Gitdi – Kemina

Eý, agalar, Ýolöteniň düzünden
Meniň sona boýlym çykdy-da gitdi;
Alma ýaňagyndan, ap-ak ýüzünden
Lagly-merjenleri dökdi-de gitdi.

Goş bilezik hup ýaraşar destinde,
Jellat gözler jan almanyň kastynda,
Aýjemalym akmaýanyň üstünde,
Bir keniz başyny çekdi-de gitdi.

Ýerden, gökden göterlipdir kararym,
Şana alyp, syýa zülpün daranym,
Aýjemalym, ap-ak ýüzli maralym
Gähin-gähin bärsin bakdy-da gitdi.

Jereni bar, owlagy bar çölüniň,
Ördegi bar, gazlary bar kölüniň,
Kemine diýr, sona boýly geliniň
Zarynlap gözýaşyn dökdi-de gitdi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.