Watanym Galdy – Magrupy

Watanym galdy
Agalar, arzymny beýan eýlesem,
Durun, Mehin atly watanym galdy;
Gat-gat düsek düsäp üçek üstüne,
Mest olup, agdarlyp ýatanym galdy.
Bir sahyny alamana (çaglaryn),
Lap eýlesem, on kisini eglärin,
Gyzylbasyn ýurt soran beglerin
Eltip Harazminde satanym galdy.
Gökdepe, Bähre il, Ürgençdir ýurdum,
Bamydyr lennerim, arslanym-sirim,
Hoja Alamberdar — bir gözli pirim,
Gum ýassanyp anda ýatanym galdy.
Aç gurt idim, aljak ýerim düslärdim,
Ýaby münüp, has bedewler uslardym,
Durunda ýazlaýyp, Mehin gyslardym,
On gije-gün toýlar tutanym galdy.
Magrupy diýr, gül aýrylsa zaglardan,
Sowuk suwly, ter çemenli baglardan,
Altmys basly, ala garly daglardan
At münüp, üstünden ötenim galdy.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.