Wadim Zubarewden Hemmämize Degişli Öwüt – Kerim Gurbannepesow

Irmi-giçmi oýan sen,
bir hünäri söýen sen.
Paýhaslan sen, goýal sen.
Ilden hantama bolma,
Öz garyňa daýan sen.

Näme geýseň egniňe,
geý-de ýola şaýlan sen.
Kine alma göwnüňe,
däl ahyry oglan sen!

Kine alsaň-almasaň –
ýokdur başga çykalga.
Ilde galjak adyňdyr.
Goýup gitjek zadyňdyr
Iň ilkinji çykalga,
Iň ahyrky sypalga.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.