Utanç – Kerim Gurbannepesow

Ol adam kurortda sataşdy maňa,
Nazarkerde adam. Nurana adam.
Bir jaýda bir aýy bile geçirdik,
Bir aýlap dem aldyk menzeş howadan.

Çuňluk alan ýaly düýpsüz derýadan,
Gözi çuňdy. Içi durşuna nurdy.
Uklap ýatyrka-da ol nuruň mähri
Gabagnyň daşyndan lowurdap durdy.

Gözleri-de jomart. Eli-de jomart.
Jomartdy ýüregi. Jomartdy dili.
Ýöne öz bitiren hyzmaty hakda
Bir agyz gepletjek bolaýsaň weli,
Çekip almalydy her bir sözüni…
Pyýada geçipdir Ýewropaň çölün,
Aýagyn goýupdyr Dunaý boýunda,
Şpreý jeňňelinde jaýlapdyr elin.

…Ýene bile barýas bagyň içinden.
Men aýakly barýan, olam pişekli.
Bir maral deňimden ozup geçende,
Birden iki ädim öňe düşmekçi
Boldum-da, ýene-de endamym dyglap,
Goňşymyň deňine çekildim kem-kem.
…Şeýle gerçek kişi güýje mätäçkä,
Adam öz güýjünden utanjak eken.

Bir gün buýsanç bilen gözýaşyn gizläp,
Öz durmuşy hakda açdy ol gürrüň.
Üç ogly bar eken. Üçüsini hem
Faşistler bir dardan asypdyr bir gün.

Azowyň ýanynda, Don jeňňelinde
Dereksiz ýitipdir ýene bir gyzy.
Kempirem ölüpdir. Indi bir öýde
Dört diwar içinde ýalňyz bir özi.

Soň menden sorady: «Näçe çagaň bar?»
Diýdim: «Esliräk bar, üç sany ogul,
Şonçaragam gyz bar. Iň tokarjamyz
Mekdepden attestat getirjek şu ýyl…»

Diňleýär, guwanýar. Ýene soraýar.
Men bolsa düşnüksiz ýygrylyp kem-kem.
…Şeýle ajap adam bagta mätäçkä,
Adam öz bagtyndan utanjak eken.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.