Ussa – Kerim Gurbannepesow

Ol ussa bir ajap minara gurdy
Bulutlaň göwsünden emip dur başy.
Göýä «sünnälenen sarymtyl çyrpy –
Keşdeden doňup dur
Töwerek-daşy.

Gün şöhlesi düşse haýsy tarapdan,
Şoňa görärägem üýtgäp keşdesi,
Bir görseň meňzeşdi dagyň kemerne,
Bir görseňem ajap söýgä meňzeşdi.

Gün daga duwlanyp,
Iňrik garalyp,
Ýaganda asmandan Ak maýaň süýdi,
Ol uzyn minara, syrdam minara
Ýatladyp uzyn boý, ak telpek ýigdi,
Göýä bir gözele garaşýan ýaly,
Ne-hä gozganýardy, ne sözleýärdi.
Göýä gujagyna doljak gözele
Aýtmaga iň ajap söz gözleýärdi.

Birdenem gök gürläp, ýagyş ýaganda –
Şol tapan iň zerur, ýeke-täk sözün
Elinden gaçyryp döwen ýaly,
Gözlerin ýaşardyp, çytýardy ýüzün.

Bulut göçüp, ýagyş diňýärem weli,
Duşuşan dek gyzlaň seresi bilen,
Ýylgyrýar dodagy, dony, telpegi,
Omzy, döşi – tutuş göwresi bilen.

Belent ol. Şonda-da öz belentligin
Peýdalanyp ýörmän öz derdi üçin,
Özüne siňdirip ýüzde birisin,
Galanyn seçýärdi il derdi üçin.

Dünýä tomus gelip, gyzanda toprak –
Göýä emip-emip bulutlaň göwsün,
Ýanyp duran ýerin dik-depesinden
Üfleýän ýalydy salkynyň gowsun.

Äleme gyş gelip, doýanda toprak –
Göýä emip-emip Günüň ýylysyn,
Doňup ýatan ýeriň dik-depesinden
Üfleýän ýalydy mähriň ulusyn.

Kim onuň ussasy? Adyn bilýän ýok.
Ol barada diňe birje zat belli:
Ilogludy, il derdini çekerdi.
Tüýs ussady, bir gün ajaldan öldi.

Emma weli özi aç ölen ussa,
Hamyryny eýläp gözýaşa, dere,
Iň uly çöregi ýapyp gidipdi
Iň uly tamdyra –
Ýedi gat ýere.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.