Uly Mazaryň Başujunda – Kerim Gurbannepesow

Gara Seýitliýewiň
ýadygärligine

Sen örän ir gitdiň,
Juda ir gitdiň,
Emma giç gitmeli adamlardandyň.
Entekler-entekler aýdylmalydyň, –
Adamdan ýasalan aýdymlardandyň.

Sen juda ir gitdiň.
Örän ir gitdiň.
Öňki synaň aýdym bilen doludy.
Säher bilen köçä çykyp ugraňda,
Uly desse aýdym barýan ýalydy.

Ulumsy ýalydyň. Köpetdaga-da
Aşakdan seretseň görüner şeýle.
Emma jülgelerniň içine girseň,
Çagyrar özüniň iň pynhan öýne.

Aşakdan seretseň –
Ulumsy dagdyň,
Golaý barsaň –
Iň bir kiçilerdendiň.
Sen ir gitdiň,
Juda, juda ir gitdiň,
Ýöne giç gitmeli kişilerdendiň.

Sen ir gitdiň. Dogran eneden ozal
Bu dünýäden ötmek örän biwagtdyr.
Ýöne öleňden soň ýüzüňden sypap,
Eneň, öpüp galsa – olam bir bagtdyr.

Eger biz, yzyňda galan dostlaryň,
Başujyňa gelip käte-käteler,
Bir dem salym dymyp gitmeýän bolsak,
Ýa goýberýän bolsak gaýry hatalar –

Sen günäkär dälsiň o zatlar uçin.
Ol biz dirileriň –
öz günämizdir.
Ol biziň başaryp biljegem bolsak,
Kän bir başarmaýan meselämizdir.

Ýa-da iş-güýç bilen, alada bilen,
Dünýäň derdi bilen bolup mubtela,
Käte garry eneň ýanyna baryp,
Ahwalyn soramak gelmese kellä –

Sen günäkär dälsiň onuň üçinem.
Ol öz pesligmizdir,
öz gunämizdir.
Ol biziň hemişe başaryp biljek,
Emma kemter gaýdýan meselämizdir.

Sen juda ir gitdiň.
Dogran eneňden
Ir gitmek – dünýäde iň elhenç gussa.
Ýöne eneň gelip günde-günaşa,
Mazaryňy öpüp, gujaklap gaýtsa –
Beýle bagty arzuw etmesek-de biz,
Miýesser gelende ajap ykbaldyr.
Bu – eneler üçin uly betbagtlyk,
Belki, ogul üçin beýle hem däldir…

Hanha, ýetip gelýär ýene-de eneň.
Geler ol. Ýene-de gaşyňda çöker.
Inerniň iner dek mazaryn öper
Ynha geldi, öpdi…
Bu bagtam bolsa,
Bagtlaryň içinde eýmenç bagt eken.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.