u Stoluň Başynda – Kerim Gurbannepesow

Ýazdym Seniň akylyňy apalap
Şu stoluň başynda.
Gök çaý bilen köp iýipdiň şokolad,
Şu stoluň başynda.

Synlap bugdaý ýaly agraslygyňy
Ýüz stoluň başynda,
Wasp etdim duz ýaly arassalygňy,
Bir stoluň başynda.

Ýazypdym men gözelligiň hakynda,
Şu stoluň başynda.
Ata-baba gönezligiň hakynda,
Şu stoluň başynda.

Sorapdym men: «Menden
özge kimiň bar?»
Şu stoluň başynda.
Aglapdyň sen: «Senden
özge kimim bor?!»
Şol stoluň başynda.

Ýazypdym men beýikligiň hakynda
Şu stoluň başynda.
…Ýazdyrmasyn dönukligiň hakynda
Şu stoluň başynda.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.