tokmagyň» 50 Ýaşynyň Dabarasynda Okalan Goşgy – Kerim Gurbannepesow

Ýarym asyr bäri Watan öňünde
Zähmet çekýäň gije-gündiz, Tokmagym
Ýöne weli naçe zähmet çekseň-de,
Öňümizde iş kän heniz, Tokmagym.

Dogry ýoldan egrä ýazýanlar-da kän.
Pul görse – Hydyr dek azýanlar-da kän.
Gündiz ýatyp, gije ýazýanlar-da kän,
Hemmeler düzüw däl şindiz, Tokmagym.

«Meni sygyr ýaly satdylar» – diýip,
«Palasyň içine atdylar» – diýip,
«Nätanyş birine satdylar» – diýip,
Gürrüň berdi şu gün bir gyz, Tokmagym.

Ol gyz şeýle bir gyz – heý, ýöne goýaý, –
Boýy baýdak ýaly, gerdeni – suraý.
Emma ýigdiň ýanda ýaşaman bir aý,
Aglap öýne geldi şu güýz, Tokmagym.

Şeýle hadysalar kän bizde entek.
Şolaryň başynda döwmeli kötek.
Goý, olar tapmasyn girmäge ketek,
Girse-de sypdyrma, eziz Tokmagym.

Entek-entek bolsun galamyň – ýiti
Diliň ötgür bolsun, dodagyň – küti.
Gulagyň – eşitgir, ýumrugyň – gaty.
Şu zatlar gerek zat heniz, Tokmagym.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.