Synag – Kerim Gurbannepesow

Dostuňa dostdugyň tanaýyn diýseň,
Dostuňy hem alyp, daga gel, daga.
Sen daga çykaňda ol tyrpyp gaýtsa
Senem yzy bilen togalanmaga
Ýekeje dem salym ikirjiňleseň –
Sen – kemterräk dost.
Ikije dem salym ikirjiňleseň,–
Bärräk dost.

Üç dem, dört dem, bäş dem –
Ondanam bärräk.
Ondan beýlesi hem
Şoňa göräräk.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.