Suwçy Ýigidiň Kakasyna Soragy – Kerim Gurbannepesow

1
– «Sygyr münüp gezseň düýşüňde
– diýdiň,
Bela sataşarsyň huşuňda – diýdiň.
Ertesi gün ýa durmuşyň bozular,
Ýa-da entirärsiň işiňde» – diýdiň.

Düýşümde sygyra sekizem mündüm,
Käte arasynda öküzem mündüm.
Emma weli, sekiz belaň deregne
Işden sekiz baýrak getiren mendim.
Kaka, kaka, bu nämüçin beýlekä?

2
– «Uklasaň igdäniň astynda – diýdiň,
Şeýtan perwaz urar üstüňde – diýdiň.
Şo ýerdedir melgunlaryň mesgeni,
Hemmesi – adamyň kastynda» – diýdiň.

Şeýtangalaň gaýrasynda suw tutdum,
Kyrk gezek igdäni saýalap ýatdym.
Kyrk birinji gezek ýatyp turamda,
«Il» münüp, Moskwa sýezde gitdim.
Kaka, kaka, bu nämüçin beýlekä?

3
– «Geçme Jynlygalaň deňinden – diýdiň,
Ägä bol Atalyň diňinden – diýdiň.
Arwah-jynlar şaýly gyza öwrülip,
Owsun atyp çykar öňüňden» – diýdiň.

Geçe-geçe Jynlygalaň deňinden,
Gyz tapmadym Atalynyň diňinden.
Ýöne öten tomus geçip barýarkam
Şol ýakada bir gyz çykdy öňümden.

Çynym, kaka, aýdýar diýme galat, sen,
Ol gyzyň hem kimdigine belet sen.
Öten tomus özüň tutup toýmuzy,
Tapyşdyrdyň, hanha otyr, seret sen.
Kaka, kaka, bu nämüçin beýlekä?

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.