Sosna Agajynyň Öňünde – Kerim Gurbannepesow

Ýaraýarsyň haýyra-da, şere-de:
Seni öwrüp bolýar switere-de.

Seni öwrup bolýar
Akja jempere,
Gökje jempere,
Geýdirmeklik üçin hol barýan gyza,
Ýanyndaky kempire..

Seni öwrüp bolýar
Oka, därä-de…
Ine şoňa görä-de
Ýanyňda köp eglendim,
Alnyňda köp oýlandym.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.