Sary Gapy – Kerim Gurbannepesow

Bir akja jaý otyr. Işigi hapa.
Kagyzmy, esgimi… giden bir depe.

Güýzüň, ýapraklary ýatyrlar üýşüp,
«Kim bizi süpirkä, ýygnarka?» diýşip.

…Öňler beýle däldi bu sary gapy.
Görküňe hyrydar ederdi köpi.

Äpişgäň öňünde gara gaş gelin,
Sähere ogşadyp çermelen elin,

Ýuwardy aýnany, süpürdi ýeri.
Bir gyza degjekdi alkymnyň deri.

Lowur, lowur, lowur… ýanardy Güne.
…Ertesi işiňe ugrarsyň ýene.

Ýene-de şeýledir: gara gaş gelin
Sähere ogşadyp ýörendir elin.

Diýersiň bu gelni öpmäge doglan
Bir-ä säher,
birem säher dek oglan…»

Şu pikir kelläňe gelerem welin,
Göýä seň içiňi okaýan kimin

Görüner işikde säher dek oglan.
Diýersiň: «Eý, dogan, bagtyňa guwan!

…Ýyllaryň guýrugna aslyşyp ýyllar,
Bulut dek tirkeşip göçer pasyllar.

Geçer otuz bahar, şonça-da tomus.
Henizlerem akdyr gundaglyk kamys.

Henizlerem boşdur ýüpek sallançak…
Altmyş ýyl lowurdan
keteni baýdak

Perzentsiz çalaryp, ýykylar bir gün,
Guçar gara ýeri garagöz gelin.

…Bu işde kömege ejizdir şahyr.
Ol diňe öz borjun amala aşyr.

Käte säher bilen, käte-de öýlän,
Şol jaýyň öňünde ýaňlanar salam.

Ony garşy alar täk galan goja…
Ýene ýyly ýaýrar çoýundan peçe.

Azajyk nurlanar çöken ýaňaklar…
Gapydan ýygnalar sary ýapraklar…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.