Saltyk – Magrupy

Saltyk
Dur gardasym, senden habar alaýyn,
Artyknyýaz atly ýarym amanmy?
Selbi dek boýlary, aý dek ýüzleri,
Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?
Aby-zemzem suwy—çesme bulagy,
Amanmyka gözellerin awlagy,
Hindistanda biten Rumy tüwlegi
Samarkantda biten narym amanmy?
Ýadymdan çykarman her samu-säher,
Ýaryldy ýüregim, tiz bergil habar,
Dilleri totuýa, lebleri semer,
Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?
Her agaçda alma bolmaz, nar bolmaz,
Çyn asykda namys bolmaz, ar bolmaz,
Nikasyz ýarlardan mana ýar bolmaz,
Bilbil uçan sol gülzarym amanmy?
On dördi gijänin sam salan Aýy,
Iki asyk aýrylsyp, boldy sähraýy,
Magrupy diýr, sen eýlegil haraýy.
Wadaly, wepaly ýarym amanmy?
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.