Säheriň Gymmaty – Kerim Gurbannepesow

Her Döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Görmän geçiräýsem bir ajap filmi,
Nije günläp etmişime ökünip,
Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi?

Her döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Otly ajap ýerden geçende durman,
«Wah, şu ýerde bir
aý gezsediň!» diýip,
Çekerdim men arman üstüne arman.

Her dowür
Bir dowür bolar ekeni.
Barman geçiräýsem bir duşuşygy,
Göýäki diýersiň, öz ellerimden
Baky uçuran dek söýgi guşumy,
Ökünip, ökünip,
Ol ökünçleriň
Ýetibilmezdim men aňry başyna.
…Her döwür bir
döwür bolar ekeni,
Bu gün başga ökünç geçýär daşyma.

Indi ençe ýyldyr,
Säherden turup,
Şapaga seredýän başymy ýaýkap,
Serçeleň sesine dişimi ýuwup,
Bilbilleň sesine agzymy çaýkap,
Ýapraklaň çygyny owuçlap içýän.
Şapagyň nuruny döwümläp iýýän.
«Eý, şahyr, şuň ýaly
ajap säherleň
Näçe müňün ýatyp geçirdiň?»
diýýän.

Görmedik filmleň ýene-de geler.
Görmedik ýerlerňem göräýse bolar.
Ardurja sypdyrlan ol duşuşyklar
Giç däl, olaryň-da bir zady bolar.

Emma aglap giden tylla säherler –
Siz nirede?
Jogap berenok olar…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.