Rähm Etmezmiň Halyma – Mollanepes

Ýandyrdyň, köýdürdiň, näzli dildarym,
Eý binurbat, rähm etmezmiň halyma?
Rast kamaty serwi, çeşmi-hunhorym,
Helal gaşyň ogşamazmy kemana?

Intizaram görjek, eý peri-peýker,
Husnuň mähtajydyr mahy-minewwer,
Örüm-örüm saçyň – owsunjy aždar,
Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana.

Serhowza gonmuşdyr bir ajap sona,
Gördüm, talaň düşdi ömrüm köşküne,
Gyýa bakyp, timar berip zülpüne,
Bir elinde aýna, bir elde şana.

Seýran edip gezdim niçe kent bilen,
Habaryň almyşam Hezarant bilen,
Gezdim Buhar şährin Samarkant bilen,
Düşmüş owazasy jümle jahana.

Halaýyk hyzmagda sap-sap dursalar,
Hyrydar gymmatyň gelip sorsalar,
Her zülpüňe müň gul baha goýsalar,
Kim alsa, bähbitdir, galmaz zyýana.

Saňa aşyk bolan ýanar, kül bolar.
Zulmuňa dözmeýän namyrat galar.
Gözümiň degresi möwç urup dolar
Gündizler – ýaş bilen, gijeler gana…

Nepes diýer, yşkyň ýandyrdy bizi,
Janymny alypdyr laglynyň sözi,
Teke, ýomut, ärsary – türkmeniň gyzy –
Barysy gurbandyr bir Durdy hana.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.