Pyragyň Gaşynda – Kerim Gurbannepesow

Poeziýa baýramçylygynda
okalan goşgy

Pyragyň gaşynda goşgy okamak –
Aňlaýanlar üçin iň agyr hormat.
Ol diňe hoşasyn çöplemeklik däl,
Erkek kişi kimin
Ekeniň ormak.

Pyragyň gaşynda goşgy okamak –
Ynsabyň gaşynda goşgy okamak.
Üm bilen, söz bilen aýdyp bolmajak
Hasabyň gaşynda goşgy okamak.

Pyragyň gaşynda şygyr sanamak –
Dünýäden utulyp,
Utulman durmak.
Öz beýik ataňdan
has beýik bolmak,
Bakylyk gaşynda
utanman durmak.

Pyragyň öňünde goşga synanmak –
Bir gyzyň ugrunda özüň köýdürmek.
Meňliňi aldyryp,
onsoň ol gyzy
Ýene gaýdyp alyp,
Dünýä soýdürmek.

Pyragyň gaşyna silkinip çykmak –
Iň görkli zada-da görk berip bilmek.
Bugdaýyň,
keteniň öňki reňkine
Bagryňdan ýene-de
Reňk berip bilmek.

Pyragyň gaşynda seresap gerek.
Hökman däl elimiz göge götermek.
(Ýöne bir elimiz göteräýsek-de,
Hökmandyr
birini Ýere ýetirmek!)

Pyragyň gaşynda dymmagmyz gerek.
Söz berilse weli
sözlemek ýagşy.
Ýöne her sözlenen pelsepä derek
Pyraga ýüz sapar gözlemek ýagşy.

Has pesde bolsa-da eginlerimiz,
Nazarna deň gelsin nazarlarymyz…
Bu gün goşgy diňläp,
tirsegne galsyn
Halyllarymyz,
Gurbannazarlarymyz.

Pyragyň gaşynda goşgy okalsa,
Ýüreklerin gerip, diňlärler olar.
Olaryň umydyn aldamalyň biz.
(Käte dirileri aldamak bolar!).

Pyragyň gaşynda akyl okamak –
Iň beýik nazara
baryp okamak.
Hem-ä ol nazardan
gorkman okamak,
Hemem sandyr-sandyr
gorkup okamak.

Pyragyň öňünde setir okamak –
Üç güýjüň öňünde özüň synamak:
Ýyldyzyň başynda,
Dagyň döşünde,
Ak ýagşyň gaşynda
Goşgy sanamak.

Pyragyň ýagyşdan bir tapawudy –
Ýagyş hemme goşga el çarpar durar,
Pyragy çarpmaz.
Pyragyň ýyldyzdan bir tapawudy –
Ýyldyz hemme goşga ýylgyrar durar,
Pyragy beýtmez.

Pyragyň daglardan bir tapawudy –
«Men!» diýip gygyrsaň,
dag hem «Men!» diýer
Pyragy diýmez.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.