Pursatlar – Kerim Gurbannepesow

Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam –
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün…

Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
…Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.