Pomma Nurberdiýewe – Kerim Gurbannepesow

«Nurberdiniň ogly boldy,
Buşluk, buşluk!» diýlen güni,
Pişme, çelpek deregine
Tötek nanyň iýlen güni,

Köne dona gundaglandy
Bir garaja, tokar çaga.
Ady Popuş, özi popuş,
Ýeri Akýap, Sakarçäge…

Ondan bäri alty ýüz aý
Geçip gitdi yz-yzyna.
Pomma bu gün aýna garap,
Eli bilen saçyn darap,
Şeýle diýýär öz-özüne:

«Ahow, Pomma, elli ýaşda
Saçyň edil kömür ýaly,
Barmaklaryň, goşarlaryň
Suw berilen demir ýaly!»

Bu nämäniň hekaýaty,
Bu nämäniň alamaty?
Kimden aldyň, nirden tapdyň
Garratmaýan keramaty?

…Ýigrimi bäş ýyl dogan bolduň
Öz halypaň «Tokmak» bilen,
Söweş etdiň şere garşy.
Tumşugyna kakmak bilen.

Dostuň üçin ýag bilen süýt,
Duşman üçin bomba bolduň,
Indem şeýdip ýuwaş-ýuwaş
Elli ýaşly Pomma bolduň.

«Hanha gelýä Pomma!» diýseň,
Garşylajak köp tapylar.
Gapdalyňda Pomma bolsa,
Meýlisiňde gep tapylar.

Bu hormaty, bu şöhraty,
Bu söýgini gazanmaga
Çärýek asyr zähmet çekdiň,
Jahylýürek şahyr aga.

«Aga» sözün gaty görüp,
Aşak bakyp, dymma, şahyr,
Aga bolmak hemme kişä
Nesip etsin, Pomma şahyr!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.