plan Dolmaly, Plan!» – Kerim Gurbannepesow

Bir gün bir taksa mündük.
Aman, aman, eý, aman!
– Beýle-de sürmek bormy?
– Sürmek bolar, doganjan,
Plan dolmaly, plan!

Şeýle bir sürýär welin –
owsun atýar uçmaga.
Tasdan tigriň astynda
kerçelipdi bir çaga.
– A-haw, gardaş, ägä bol!
– Aý, ol zatlar owarram.
Hiç zat bolmaz, çagadyr.
Plan dolmaly, plan!

Täze Köşiň öňünden,
köne Gökjäň deňinden,
Öýkenmizi dolduryp
Büzmeýiniň çaňyndan,
Uçup barýas Gökdepä.
Saýgardanok ýer-asman.
– Ýuwaşrak, haw, halypa!
– Plan dolmaly, plan!

Diýdim: «Her bir adamyň
çagasy bar, öýi bar.
Şu gün tutýan toýy bar,
erte tutjak toýy bar.
Seniňem-ä ýok däldir
Öz maşgalaň, öz balaň!»
– Wah, şol balalar üçin
Plan dolmaly, plan!

– A-haw, plan diýen zat
adam üçin dörýän zat.
Samolýot – uçmaly zat,
maşyn bolsa – ýörýän zag.
Şonuň üçin az-owlak
Seresap bol, gadyrdan!
– Seresapdan çörek ýok,
Plan dolmaly, plan!

Sanjak ýaly ýaş gelin
ylgap geçdi köçeden.
Akja bäbek tasdanam
aýrylypdy ejeden.
– Baý, şu ýollaň ugrunda
Kaňkap ýören heleý kän.
Oturyň-da öýňüzde!
Plan dolmaly, plan!

– Şeýle gelinler dälmi
ýollarmyzyň gelşigi!
Şeýle gelinler dälmi
Ýeriň göwher eşigi!
Neneň şolaň üstüne
Sürnüp bilýäň uýalman?
– Aý, gardaş jan, gelin köp!
Plan dolmaly, plan!

Kesip geçdi köçäni
ak göleli ak sygyr –
Plan diýilýän zatdan
düşünjesi ýok sygyr.
– Ýeri, ýoluň üstünde
Nä görüň samsyk haýwan!
Ýat-da bar-da döläňde!
Plan dolmaly, plan!

Garşymyzdan gübürdäp,
zopma çykdy MAZ-maşyn.
Äsgermezlik edäýseň
şepagaty az maşyn.
Goja şofýor zor eken –
etdi ussat öwrümi.
Ýogsa dagy «Wolganyň»
ýoljakdy bir böwrüni.
Diýdim: «Tas-a planmyz
Dolupdy, halypa jan!»
– Aý, bir başa bir ajal,
Plan dolmaly, plan!

Diýdim: «Men-ä hiç weli,
şu oturan çal zenan,
Güneşli ülkämize bir ýerden
gelen myhman!..»
Ol diýdi: «Myhman bilen
Taksa münmezler, dost jan!
Taksi diýilýän zatda
Plan bar, inim, plan!»

Soňra diýdi: «Düşün, dost,
menem ýalňyz-ýeke däl
Meniň ekleýänlerim bir adam ýa iki däl.
Diňe balam-çagam däl,
Başga-da köp ymtylýan!
Planyň daşyndanam
Ýene-de pylan, pylan, pylan…»

Eýdip-beýdip sag-aman
baryp ýetdik menzile.
Ýöne weli kalbymda
gopdy şeýle zenzele:
Öz wagtynda bogulmasa
nebis diýilýän Ýylan,
Adamda ne ynsap goýjak,
ne-de bir wyždan!
Planam zerur weli,
Şol ullakan belaň
Garşysyna göreşmek hem
Iň ullakan plan,
Iň wajyp plan!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.