Peýzaž Goşgusy – Kerim Gurbannepesow

Kärdeşler, az ýazýas peýzaž goşgusyn.
Megerem köpüräk ýazylsa ýagşy.
Men birin ýazmakçy. Edil işikde
Aýdym aýdyp otyr bir garry bagşy.

Çynar atly bagşy,
Müň ýaşly bagşy.
Ýapraklar pyşyrdap, sözleşýär täsin.
Özüňem çynar dek uly bolmaly,
Ulyň gürrüňine düşünmek üçin.

Çynaryň aşagy – gyşyna maýyl,
Ýazyna – tenekar, tomsuna – salkyn.
Ýapdan daga çenli üzüm agajy –
Her ýaprak astynda bir jübüt salkym.
Salkymlar salkyma berişip alkym,
Salkymlaň eňegi salkyma batýar.
Haýatyň gaýrasy reňbe-reň ýalkym –
Altmyş dürli gül bar,
Ýüz dürli ot bar.

Şol otlaň içinde, gülleň içinde
Otyr bir otjagaz asuda, ümsüm.
Boýy-da, ini-de şol otlar ýaly.
Otyr ol, hiç kimiň çekenok ünsün.

Şol otuň ýüz ädim beýle ýanynda
Bir öýde bir hassa hyrkyldap ýatyr.
Hassaň başujunda ak saçly ene
Pamykdan agzyna suw sykyp otyr.

Otlaryň içinde oturan şol ot
Hassany derdinden gutarjak otdy.
Ony bilýän ýokdy…
Peýzaž çekjekdim,
Pikrim ýene başga tarapa gitdi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.