Parhlylyk – Kerim Gurbannepesow

Dänäniň yzyndan däne dogýardy
Hanasyna sygman başlar çogýardy.
Soň
gylçyklar uçup ýeliň ugruna,
Çäji çabga bolup, ýere ýagýardy.

Munça çäç toprakdan nädip dogýardy?
Dogýardy. Şoň üçin toprakdy ady:
Bagyr süýdi bilen ekläp otyrdy
Wepaly, wepasyz müňläp zürýady.

Käsi arkasyna, käsi dyzyna,
Käsi bolsa depesine münýärdi.
Wepadar ogul hem
Ony emýärdi,
Biwepa ogul hem
Ony emýärdi.

Emma biwepany ekläni üçin
Peselmän topragyň mukaddesligi,
Gaýta beýgelýärdi: bagyşlaýardy
Belentligi bilen
Ähli pesligi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.