Pähim Pursatlary – Kerim Gurbannepesow

…Bu neneň, bu niçik söýgi bolýarmyş.
Onuň eýesi bar, seniň hem eýäň.
Ezizi garaşýar onuň öýünde.
Saňa-da garaşýar bir eziz aýal.

Ýeri, onda näme
Beýdişip durus?
Sen – onuň dogany,
Ol – seniň uýaň.
Şeýle dälmi näme?
Ol «hawa» diýýär.
Şeýle dälmi näme?
Sen «hawa» diýýäň.

Şeýdip iki «hawa» birigişýär-de,
Gözleriň öňünden syrylýar duman.
Ýoluň ýagtylanýar. Ol öýne gaýdýar.
Senem çagalarňa gowuşýaň aman.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.