Oýun Bilen Çyn – Kerim Gurbannepesow

Gyrgyz bloknotyndan
«Bäş ýüz sany derýamyz bar»
Diýdi bize gyrgyzlar.
«Iň bolmanda bir derýany
Bize beriň!» diýdik biz.
«Birini däl, onusyny
Alyň!» diýdi gyrgyzlar.
Aljak bolduk, aljak bolduk.
Çetindigin duýduk biz.

«Berdi aga goluň çyzga,
Äkideli birini,
Aman aga ýapyş senem
Bir kenardan!» diýdik biz.
Kän synandyk, hiç tapmadyk
Götermegiň tärini.
Ýene şeýdip derýalary
Öz ýerinde goýduk biz.

«Bäş müň sany jülgämiz bar
Diýdi bize gyrgyzlar.
«Iň bolmanda bir julgäni
Bize beriň!» diýdik biz.
«Bir jülge däl, ýüz jülgäni
Berýäs!» diýdi gyrgyzlar.
Aljak bolduk,
kän dyrjaşdyk,
Kyndygyny duýduk biz.

«Anna Kowus beýdip durma,
Pälwan bolsaň – ber eli
Şäher Borjak, senem ýapyş.
Bir çetinden – diýdik biz.
Emma ýene tapylmady.
Götermegiň emeli.
Ýene şeýdip jülgeleri
Öz ýerinde goýduk biz.

Çingiz diýdi: «Berildimi –
Almalydyr sowgady,
Gyrgyzlaryň däbi şeýle.
Sypmarsyňyz beýdip siz!»
Berdi aga murtun sypap,
Diýdi: «Her bir myhmana
Munça sowgat paýlasaňyz,
Galaýmaň siz ädiksiz!»

Çingiz gülüp hezil etdi.
Hemmelerem gülüşdi.
On derýany, ýüz jülgäni
Goýup gaýtdyk şeýdip biz.
Almaly zat ynsan üçin
Yssy bora çemeli,
Anna diýdi: «Öýlermize
Boş bararys nädip biz?»

Bu zatlaryň bary oýun…
Çyny onsoň başlandy.
Şol derýalaň kenarynyň
Adamlaryn söýdük biz.
Ýüz kenarda dynç alyndy,
Ýüz kenarda düşlendi.
Gözellige tagzym edip,
Telpegmizi goýduk biz.

Telpegmizi goýduk weli,
Ýene telpek berdiler.
Sekiz türkmen sekiz ýerden
«Ak galpagy» geýdik biz.
Nirä barsak «tuyskan» diýip,
Gujaklaryn gerdiler.
Ýüz saçakdan gymyz içip,
«Bäşbarmagyn» iýdik biz.

Saçaklaryň degresinde
Poeziýa gepleşdi.
Her tost üçin goşgy okap,
Käsä şerap guýduk biz.
Emma käte, goşgy bilen
Proza-da sepleşdi:
«Hemme halklaň, dostlugyna
Götereliň!» diýdik biz.

Emma hiç kim ol sözlere
Prozadyr öýtmedi.
Bütin dünýäň geljeginiň
Şondadygyn duýduk biz.
Derýaň, jülgäň deregine
Dostluk bilen ýüklenip
Öýe geldik… Nirä gitsek
Gaýdyp gelýäs şeýdip biz.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.