Oýlanma Baýry – Kerim Gurbannepesow

Reňbe-reň öwüsýär Aşgabat baýry.
Ýüpekdi bägüli, mahmaldy çaýry.
Ortasynda fontan. Çepinde howdan.
Öňümde derweze. Al-ýaşyl meýdan.
Derwezäň ýüzünde (harplary saýry)
Gülden örülipdir.
«Oýlanma baýry».

Baýryň depesinde dört sany memmer.
Gyzyl, ýaşyl, goňur… durşuna mermer.
Memmerleň syraty bolsa-da meňzeş,
Ýüzünde oýnaýar ýüz tüýsli güneş.
Hersiniň eginide-bir dürli eşik.
Reňkleri aýry, ysy üýtgeşik.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.