Olmaz – Magrupy

Olmaz
Goç ýigidin tagrypyny diýeli,
Dessanyn sözlesem tükenmez olmaz.
Hak özi kuranda diýmis simahum,
Ynsan mundan artyk Isgender olmaz.
Ylaha, bir ýigit dogupdyr munda,
Ne tesawwur malda, ne sirin janda,
Ýagsy gelip geçen köpdür jahanda,
Munun dek bir ýigit jahana gelmez.
Kimsäýe atyn biýr, kimsäýe donun,
Kimsäýe bäs berer, kimsäýe onun,
Bir kimse harç etse dünýälik malyn,
Ýagsy men diýenler andan zor olmaz.
Tomasa tasawwuk eden sözleri,
Serafatly mydam güler ýüzleri,
Serigat, tarykat hakyn yzlary,
Serapatda, meger, periste bolmaz.
Bir merdi dost tutdum desti-sährada
Ne manzury malda, ne sirin janda,
Döwletýaryn dosty çohdur jahanda,
Jahanda hiç biri mun deý jan olmaz.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.