ol Ýar Öldürdi – Kemina

Telbe boldum, indi halym harapdyr,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi;
Müşk alyban käkillerin darapdyr,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.

Boýnuna gol salsaň barly, semerli,
Altyn-kümüş tamam endamy zerli,
Lagly-ýakut gerdeninde, tumarly,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi.

Arzuw edip, aý jemalyn görmeli,
Ýüzde gülap, gözi-gaşy sürmeli,
Bir peridir, saçy sekiz örmeli,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.

Kemine diýr, tagt üstünde jaýydyr,
Derýa düri, asman kuýaş-aýydyr,
Gyzlar hany, gözelleriň şaýydyr,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.