Okyjynyň «altynyň Biri» Hakyndaky Sowallaryna Jogap – Kerim Gurbannepesow

Gyzlaryň gowusy gyşyk
çatmadan çykar.
Nakyl

Çatmadan çykanda gyzlaryň gowsy,
Gupbadan eşdiler sazlaryň gowsy.

Bir gupba ýüz öýe ýaýradar buşluk.
Gyşyk çatmalarda oýanar ýaşlyk.

Bir gyz iki bolar.
Soň ýeter üçe.
Onsoň iki üçe… Görklener köçe.

Alty boýdaş jora ugrarlar bäri.
Öňün başlap gaýdar altynyň biri…

Biri daga meňzär, bäşisi gaýa…
Dag gyz bedre sallar kyrk gulaç guýa.

Çepiksije oglan bir ýerden çykar.
Geler-de dag gyzyň öňünde çöker.

«Armaweriň, gyzlar!..» Bedräni götär.
(Bedre-de titrär, oglanam titrär.)

«Bar boluň!» Ýylgyrar gyzlaryň gowsy.
Azajyk epiler dyzlaryň gowsy.

Mele ýeri öper saçlaryň gowsy.
(Meger, on ýedidir ýaşlaryň gowsy…)

Açykdyr göwünler, tämizdir ýürek.
(Tämiz söýgä mydam tämizlik gerek!)

Erninden suw beren kümüş bedreler
Çaýkanyp, çaýkanyp öýe giderler.

Gaňrylyp, gaňrylyp altynyň biri,
Öýlerne ýetýänçä sereder bäri.

«Baý, baý, ýigit çykyp
gidipsiň senem!..»
Körär ýaş ýürekde kiçijik ynam.

Girer gyşyk çatma gülleriň gowsy.
Ýapar gapykilmi elleriň gowsy…

…Gün geçer, aý geçer.
Şol gapykilim
Aýsyz gijelerde
Serpiler telim.

Şondan ýanyp çykar şemleriň gowsy.
Gaşyňy çirkizer demleriň gowsy.

Tapylar dünýäde sözleriň gowsy,
Gözüňe bakanda gözleriň gowsy.

Gözler bir-biriniň suratyn çeker.
Açlyk, horluk, uruş ýadyňdan çykar.

…Uruş tamam bolar. On ýaşar Ýeňiş.
Mis reňk ýüzlere çaýylar kümüş.

Ak jaýa öwrüler şol gara çatma.
…Şahyr, senem indi garalyp ýatma.

Stolda boş ýatyr Söýginiň igi.
Aýla, pyrla, egir
Dyňzasyn Söýgi!

…Sözden pişge dörär, pişgeden şygyr.
Alty sany bendi egirer bagyr.

Dört ýa bäş bolýandyr
aýdymlaň bendi.
Bu näm üçin beýle – altyka indi?

Adalatly bolar şahyrlyk käri.
(Ýetsin joralaryň hersine biri!)

…Ýaňy ýigitlikden saýlanan şahyr,
Elli ýaşly, bagşa goşgusyn gowşyr.

Eýýäm elli bäşe ýetendir bagşy.
Henizem gyltyzdyr aýdymyň nagşy.

Agtar ol, agtar ol, ýene-de agtar…
Bir gün ýarygije kükürär dutar.

Jägildäp dogular sazlaryň gowsy.
Bogun-bogun söker gyzlaryň gowsy.

…Goý, jogapsyz galsyn iň soňky sowal
«Kim ol gyz? Nirede?..»
Bilmek hökman däl.

Ol meniň öz syrym. Jogaby – sessiz.
Ol syr
özüm bilen
Mazara gitsin.

Bägüle öwrülip,
Çyksyn paşyrdap.
Şol gyzyň adyny
Tutsun pyşyrdap.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.