Nirde Bitildi — Sonda Bitildi – Magrupy

Nirde bitildi — sonda bitildi
(Aýdysyk)
*****
Magrupy:
Bizden salam olsun molla Gaýyba,
Dünýänin binasy haçan tutuldy?
«Küntu-kenzen mahfiýenden» habar ber,
Kelemeýi-sahadat nirde bitildi?
*****
Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «kün» diýdi, sol gün bina edildi;
Tuby agajynyn ýapraklarynda,
Kelemeýi-sahadat sonda bitildi…
*****
Magrupy:
Hak owwal namany kime okutdy,
Ol kim idi, okyp, ozün unutdy,
Adamdan ilgeri niçe kowum ötdi,
Dergahda haýsynyn sözi tutuldy?
*****
Gaýyby:
Hak owwal namany Adama okutdy,
Okyban Ezraýyl özün unutdy,
Adamdan ilgeri Benijan ötdi,
Dergahda resulyn sözi tutuldy.
*****
Magrupy:
Haýsy günde bina etdi ol gusy,
Niçedir ganaty, guýrugy, basy.
Höregi nämedir, niçedir ýasy,
Niçe mün ýyldan son basy ýetildi?
*****
Gaýyby:
Pensenbe gün bina etdi ol gusy,
Dört bolar ganaty, guýrugy, basy,
Höregi darydyr, elli mün ýasy,
Elli mün ýyldan son basy ýetildi.
*****
Magrupy:
Suwdaky balygyn pusty näçenli,
Üstündäki gäwnin gösti näçenli,
Ol arsy-agzamnyn hysty näçenli,
Niçe melek hasabynda bitildi?
*****
Gaýyby:
Suwdaky balygyn uludyr pusty,
Ýedi mün ýedi ýüz batman gäwnin gösti,
Gudrat bile salyndy agzamnyn hysty,
Dört melaýyk hasabynda bitildi.
*****
Magrupy:
Bilermi sen haly nedir, bas nedir,
Jeset nedir, menzil nedir, gus nedir,
Ol ne bazar, gymmatbaha das nedir,
Kimin dasy kem bahaga satyldy?
*****
Gaýyby:
Eger bilsem haly budur, bos budur,
Jeset menzil, janyn gerek gus idir,
Ol imanyn gymmatbaha das idir,
Seýtan dasy kembahaga satyldy.
*****
Magrupy:
Magrupy diýr, ne kysmatda ýazyldy,
Ol ne zynjyr, bir-birine düzüldi,
Niçe ýylda wagty ýetip üzüldi,
Aý bile Gün haýsy wagtda tutuldy?
*****
Gaýyby:
Gaýyby aýdar, gurbat bilen ýazyldy,
Gije-gündiz bir-birine düzüldi,
Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi,
Aý bile Gün harasatda tutuldy.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.