Ner Gezgin – Mollanepes

Köňlüm, saňa nesihat,
gezseň serbeser gezgin,
Tany dosty-duşmanyň,
öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň,
daýym muştiper gezgin.
Gezseň dünýä ýüzünde,
dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň,
bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa,
öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip,
ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma,
gaçsaň asla el berme,
«Jan aga, özüň bil» – diýp,
her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň,
bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma,
deňi-duş-u, dost-ýardan,
Pul tapmasaň göterme
näkes bile süýthordan,
Her dilände gam basar,
köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda,
bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň,
bütin bir ýyl ner gezgin.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.