Nedir – Magrupy

Nedir
Görün, begler, ara açar,
Belki, Serhosmydyr, nedir!
Gähi gonar, gähi uçar,
Göýäki gusmudyr, nedir!
Aýdyn, begler, boýun sunup,
Geler ýyldyz kibi süýnüp,
Beýge çykyp, pese inip,
Ýa üsti bosmudyr, nedir!
Depeler ana ýol kibi,
Özi bir öwsen ýel kibi,
Daglardan inen sil kibi,
Bir dasgyn josmudyr, nedir!
At üstünde bola bolmaý,
Ele gamçy ala almaý,
Oglan takat kyla kylmaý,
Gözünde ýasmydyr, nedir!
Serhos, diýsen serhos özi,
Dan ýyldyza menzär gözi,
Toýnagyndan çykan tozy
Atylan dasmydyr, nedir!
Döwletýaryn hak ýoldasy,
Jany at — kowmy-gardasy,
Ýaman gününde goldasy,
Gelen Serhosmydyr, nedir!
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.