Myrat Bilen Aksoltan – Kerim Gurbannepesow

(Juma Ýazmyradowyň toý
saçagyna kiçijik çelpek.)

Haýsysynyň adyny ilki
bilen tutsamkam –
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.
Biri – dostumyň ogly,
biri – dostumyň gyzy:
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.

Biri – Gylyç Şahalyň
miweli şahasyndan,
Biri – juma gününde
Jumanyň posasyndan.
Ikisi-de men diýen
gerçekleň paýhasyndan, –
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.

Ýigit ilki söýüpmi,
ýa gyz ilki söýüpdir? –
Parhy näme, ikisem
yşk oduna köýüpdir.
Yşka düşmek aýyp däl,
yşksyz galmak aýypdyr,
Şeýledigin duýupdyr
Myrat bilen Aksoltan.

Birisi – Arçman ataň
suwun içip ýetişen,
Biri – Büzmeýin ataň
meýin içip ýetişen.
Bu gün bolsa meý bilen
Arçman suwy gatyşan, –
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.

Goý, bolsunlar Arçmanyň
suwy ýaly şypaly,
Goý, bolsunlar garrasa-da
garramaýan nikaly.
Goý, bolsunlar duza, enä,
gaýyn enä wepaly
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.

Wiý, wiý tasdan gaýyn
ata çykan eken huşumdan:
Gelin dabyrap geçmesin
gaýyn ataň duşundan.
Ýeriň hemrasy ýaly,
goý pyrlansyn daşyndan –
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan.

Bu öýde gelin bolmak
hem aňsatdyr, hem kyndyr.
Hem ogul bolmak hem
şol kynlyga ýakyndyr.
Birden Jumaň naýzasyna
iläýmegiň mümkindir –
Aksoltan bilen Myrat,
ylaýta-da Aksoltan.

Ýagşy bolsaň ýagşy adyň
dolar bütin ülkäme.
Ýaman bolsaň ýaman adyň
dolar respublikama.
Soňky puşman giç bolar,
hiç kim tutmaz arkaňy,
Ahmal bolma Myrat han,
ahmal bolma Aksoltan!

Bu gün toýuň şanyna
tans etsin «Mirli» gyzlar,
Sol elleri almaly,
sag eli narly gyzlar.
Ikisine bir alma
bagş etsin nurly gyzlar,
Deň böleşip iýsinler
Myrat bilen Aksoltan.

Ýöne olar unutmasyn
şahyr bilen Jumany:
Herimize eçilsinler
bir çüýrüjek almany.
Menem baryp alma bilen
begendirsem aýaly –
Belki, bir ýaş ýigdeler
Kerim bilen Orazsoltan.

Bu sözleriň deň ýary
toý gününde degişmäm.
Şahyr Jumany görse,
oňup bilmez degişmän!
Degişmesine gülüň,
çyny kalba nagyşlaň!
Ähli toýa gelenler,
hemem Myrat – Aksoltan.

Gülki-oýun diýen zat
dogulanmyş çyn zatdan.
Bir wagty ony Prometeý
ýasanmyş gyzyl otdan.
Bu dünýe garaňkyrar
şo gitse adamzatdan!
Gülüň, oýnaň, degişiň,
müňläp Myrat, müň Soltan.

Arçman suwy, «Mir» meýi
ýagdyr süýt dek gatyşsyn,
Ojagyňyz lowlasyn,
ýyl geçdikçe tutaşsyn.
Her dokuz aý, dokuz günden
täze toýa sataşsyn
Juma ogly Myrat jan,
Gylyç gyzy Aksoltan.

Düýn-öňňünki ýagan ýagyş
gudratydyr ýaşlygyň.
Maňa-da kän zatlary
ýatlatdy ýagyşly gün.
Ýagyşsyz aý öýlenýänler,
goý, meni bagyşlasyn,
Depämizden nur ýagdyrdy
Myrat bilen Aksoltan.

Ýöne arman, bir azajyk
bökdediler pagtany,
Müňläp ýygymçy gyzlar
kem doldurdy haltany.
…Açyk günleri köpeldip,
goý, ýagtyltsyn ertäni,
Aksoltan bilen Myrat,
Myrat bilen Aksoltan!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.