Mukaddeslik – Kerim Gurbannepesow

Iň uly Söýgini görkezdi ykbal.
Men mundan ýokarda
görmändim Söýgi:
Bar gaýgym guçmakdy
Başky söýgüde.
Bu söýgüde weli –
Guçmazlyk gaýgy.

Iň uly Hasraty görkezdi ykbal.
Men mundan ýokarda
Görmändim Hasrat:
Sataşdy
wagtyndan giç doglan Bagt,
Tutaşdy
wagtyndan giç tütän Kysmat.

Iň uly Synagy görkezdi ykbal.
Men mundan ýokarda
Görmandim Synag:
Gyzaryp, garalyp öňümden çykdy
Tupan dek Sorag.

Iň uly Gaýraty görkezdi ykbal,
Men mundan ýokarda
Görmandim Gaýrat:
«Ilerik! Ilerik!» Gygyrdy ýürek.
Beýni hem gygyrdy:
«Gaýrak! Gaýrak!»

Iň uly Ynsaby görkezdi ykbal.
Men mundan ýokarda
Görmändim Ynsap:
Ilerligne tarap birje ädäýseň –
Bulaşjak hasap.

Iň uly Päkligi görkezdi ykbal.
Men mundan ýokarda
Görmändim Päklik:
Gysdy gujagyna Ony hem Meni
Mukaddes Täklik…

Iň tämiz Goşgyny ýazdyrdy ykbal.
Aýylganç setirler, ýoluňyz rowaç!
Maňa bu goşgyny Beýni ýazdyrdy.
Beýni buýruk berse,
Ýürek bialaç…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.