mrüň Manysy – Kerim Gurbannepesow

Ýalaňaç dogduň adamzat
Indi saňa don gerek
Magtymguly

Aglap dünýä inýäň adam diýen zat:
Onsoň agyň gülkä garyşan gerek.
Ýöne weli gülkä garyşmak üçin
Ýurt abadan, durmuş çaglaşan gerek.

Kem-kem kämil bolýaň adam diýen zat:
Onsoň sen hanlara jan goşan gerek.
Ýöne welin jana jan goşmak üçin
Bagryň il-gün bilen badaşan gerek.

Käte ejiz bolýaň adam diýen zat:
Şonda gelip derdiň soraşan gerek.
Ýöne weli derdiň soraşmak üçin
Ozal seni dertden goraşan gerek.

Bir gün ýalňyz galýaň adam diýen zat:
Onsoň abraý bilen jaýlaşan gerek.
Ygtyýar bermersiň aglaşmak üçin,
Ýöne biygtyýar aglaşan gerek.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.