Meniň Teoriýam – Kerim Gurbannepesow

«Setirsiz bir günüm geçmesin!» diýip,
Setir hatyryna setir düzmedim.
Setirlermi begenjimden gözledim,
Setirlermi gynanjymdan gözledim.

Gözledim olary il şatlygyndan,
Gözledim olary il hasratyndan.
Şol iki gudratyň ýüregme guýan
Tolkunlaryndan
hem harasatyndan
Setirleriň özi gygyryp çykdy…
Başga taraplary owarram onuň.
Şol meniň şu günki, düýnki teoriýam,
Şol bolar ertirki teoriýam meniň.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.