Mele Derýaň, Içinden… – Kerim Gurbannepesow

Mele derýaň, içinden
Göýä äpet gara goç,
Bir görünip, bir çümüp,
Akyp gelýär bir agaç.
Şaha-şaha garagaç
Özün urup diwara,
Ýene gaýdyp yzyna,
Azy salýar kenara.

Kinelimi, gaharly
(Nämedendir bir zatdan),
Käte çümýär girdaba,
Käte çykýar girdapdan.

Derýa näçe çyrpynýar…
Agaç weli batanok.
Biri diýdi: «Derýanyň,
Oňa güýji ýetenok!»

Ýene biri seslendi
Diňläp derýaň nalasyn:
«Derýa hiç wagt gark etmez
Öz ösdüren balasyn!»

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.