Mekirje Owlajyk… – Kerim Gurbannepesow

Mekirje owlajyk
Bagtly owlajyk.
Mälän wagty
Ol arkaýyn mäleýär.
Dünýäniň ýüzünde iň ullakan bagt
iň elýetmez bagt
Arkaýynlyk eken.
Ony ozalam
Bir kişiçe bolmasa-da, bir kişi –
çe bilýärdim. Ýöne bu gezek
Jadyly dürbüsin Skobelewiň
(Paşşa Generaly Skobelewiň)
Elime alan dek, görýän zadyma
bilýän zadyma
Hasam beter ýetdi gözlerim.
Mekirje owlajyk
Onuň öňünde
Içini döküpdir heziller edip!
Özüniň zarynly mälemesini,
Özüniň merdemsi mälemesini
Akylly-paýhasly mälemesini
Anyk, açyk, dogry mälemesini
Has beterem, diňe Onuň eşitjek,
Özgäň eşitmejek mälemisini
Oňa ýetiripdir. Diýmek owlajyk
Keýpden çykypdyr. Doly ýüregniň,
Hasratyn, şatlygny, borç alan ýükün
Egsipdir. Ol bolsa beýleki bagtdan
Mahrum, mahrum, mahrum,
ýene-de mahrum
Nala – nala, mäle – mäleme bilen
Jogap berip bilmeýän, kim bolanda-da,
Beýik Ynsanmy ýa peseň ynsanmy –
Merhum.
Owlajygyň şirin mälemisini,
zaryn mälemisini
bagtly mälemisini
Diňläp Ol, ýokarky netijä geldi
Ol, ýokarky netijä geldi.
Sebäbi dünýäde içiň dökmäge
Adamyň barlygy Uly bagt weli,
Şoňa mümkinçilik bar bolmaklygy –
Ýeke-täk beýik bagt!
Şol bagt owlakda bar,
Guzujykda – ýok.
Ine guzujygy güň edýän azap,
Häzirem ol juda mertligi üçin.
Gaýduwsyzlygy üçin
Käte mäleýär.
Başga biri dagy onuň ýerinde
Bir mahallar güňe dönüp giderdi.
Ol bolsa bak indi nije ýyl bäri
Diňe ýaňy güňe dönüp başlapdyr.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.