maşyn, Maşyn, Maşyn…» – Kerim Gurbannepesow

Gündogar tarapmy, günbatar tarap –
Tagtamy, Murgapmy, Saýatmy, Farap,
Tejenmi, Duşakmy, Kakamy, Mäne…
Haýsy ýerdedigi hökmanmy näme? –
Biriniň, öýünde düşdüm men gonak.
«Ş» harpyndan ýaňa bez boldy gulak.
Ertirki barşyma,
Bolýança peýşin –
Ähli eşden sözüm:
«Maşyn, maşyn, maşyn!»

Ortada çişlikli, kebaply saçak.
Saçagyň daşynda bir topar goçak,
Brigadir, agronom, mugallym, müdir,
Agzynda – omaça, elinde – petir.

Dillerinde bolsa –
«Motor, çyra, şin.
Tormoz, tigir, nomer,
Maşyn, maşyn, maşyn!»
Birisi gürleýär garažy hakda.
Biri – «Sportlotoň» tiražy hakda.
Biri – maşynynyň boýagy hakda.
Biri – «Wolgasynyň» keýigi hakda.

Biri – «Žiguliniň» nobaty hakda.
Biri – şol nobatyň gybaty hakda.
Biri bolsa eýýäm gözlerin bürüp,
Aljak maşynyny düýşünde görüp,
Tamyň bir burçunda
Hor çekýär täsin:
«Mah-şyn, mah-şyn,
Mah-şyn, mah-şyn, mah-şyn!»

Dutar peçiň ýanda garalyp ýatyr,
Bagşy egnin gysyp, garaşyp otyr.
Gözümi ümledim. Düşündi bagşy.
Aýdymlar ýaňlandy ýagşydan ýagşy.
Akmeňliň saçlary tellenip gitdi.
Meňli çeşmä tarap sallanyp gitdi.
Onýança ýene-de çogýan dek ýerden,
«Ş» harpy şuwwuldap başlady birden.
Bir seretsek –
Goşup sesine bagşyň,
Agronom hiňlenýär:
«Maşyn, maşyn, maşyn!»

Bagşy çydamady. Öýkeläp gitdi.
Onýança ýoldaşym böwrüme dürtdi:
«Başgarak bir gürrüň
Tapsana, şahyr.
Ýürege düşdi-le:
«Maşyn, maşyn, maşyn!»

Gürrüň edip berdim Karel Çapekden,
Goşgy okap berdim Ata Köpekden.
Soňabaka tutdum hasam uludan:
Molla Kemineden, Magtymgulydan.
Seýdiniň, Nepesiň, Mätäjiň sözün
Saldym agyzlarna misli bir üzüm.
Okadym köp dürli ykballar hakda.
Gara ýollar hakda, ak ýollar hakda.
Geçen günler hakda, şu günler hakda.
Gözi çanak ýaly gelinler hakda…
Emma ýuwaş-ýuwaş ejizläp goşgy,
Ýene üstün çykdy maşynyň yşky.
Goşulyp başlady
Içine goşgyň:
«Motor, karbýurator,
Maşyn, maşyn, maşyn!»

Olar – sekiz adam, men bolsa – ýeke.
(Ne gahar duýuljak, ne-de bir öýke!)
Goşgy bilen bogup maşyna çemen,
Olara goşulyp başladym menem.
Ine gerek bolsa bir topar erkek –
Boýnunda – galstuk, başynda – telpek,
Dünýä inen ýaly
Bir demir üçin –
«Maşyn-da maşyn,
Maşyn!..
Maşyn!..
Maşyn!..»

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.