Mämmet Seýidowa – Kerim Gurbannepesow

Bu niçiksi, bu niçiksi şahyr dost –
Ýap-ýaňy hem ikimiz
Bolup goşa Tahyr, dost,
Medeni-seýil baglarda
Söýerdik Zöhreleri.
Indi bu gün «Söýýän!» diýsek bir agyz –
Ýaryljak zähreleri,

Bu niçiksi, bu niçiksi, şahyr dost –
Ýap-ýaňy hem ikimize
Diýseler «Ýaş şahyr», dost,
«Heý bir dynmak barmyka
Ýaş şahyr diýen sözden?»
Diýip, ýaş şahyr diýýäne
Gargardyk içimizden.

Gargyşymyz kabul boldy, şahyr dost.
«Ýaş şahyr» diýen sözden
Dyndyk indi ahyr, dost.
Indi otuz-kyrk ýaşla-da
Gabat gelen badyňa,
«Aga» sözün familiýa dek
Ýelmeýärler adyňa.

Bu niçiksi, bu niçiksi, eziz dost,
Bu familiýa ýokuş degýär heniz, dost.
Ýaňy Seň toýuňa ýetip gelýärkäm
Gabat geldi edebiýatçy Nergiz, dost.
«Mämmet agaň toýuna
Barýarmyň pylan aga?»
Diýip, ýüzüme bakdy.
Söz tapmadym jogaba.

Bu gyzlaryň, bu gelinleň
Diljagazyn goýan sen!
«Pylan aga!» diýende
«Pylan eje!» diýäýseň –
Ýatdan çykmajak sapak
Boljak weli indikä,
Onam diýip bolanok,
Ol – otuz, sen – ellikäň…

Aý, bu zatlar oýundyr-la, Mämmet dost.
Bu gün bize başga bir zat gymmat, dost.
Çüfläp-çüfläp demiň salan setirleň
Goşup Seniň hormatyňa hormat, dost,
Goja Ýeriň üstünde
Hüwdülesin gojaltman,
Uly ýeriň üstünde
Goý, gorasyn kiçeltmän!

Bu zatlara düşünýänsiň gowy sen,
Ýadyňa sal goja Müslimowy sen.
Saňa goja Şiralynyň ýaşyny
Eçilsin goja Zemin!
Maňa-da ýary besdir…
Omyn!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.