Lukmanda Danalygyn Hem Kämilligin Ýüze Çykysy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

LUKMANDA DANALYGYN HEM KÄMILLIGIN ÝÜZE ÇYKYSY HAKYNDA HEKAÝAT

Gulunyn üýtgesik zatlarny duýýan
Hojaýyn Lukmany ýanyndan goýman,
Hemise tirkesip, bileje gezdi,
Sol bolmasa, hatda iýip-içmezdi.
Çynlakaý is ýüze çyksa eger-de,
Baryna Lukmanyn nepi degerdi.
Käte tagamlanam in gowy ýerni
Özi iýmän, ilki Lukmana berdi.
Gulunyn ýok wagty tutýan dek ýasy,
Iýip-içip, bolmazdy on mazasy.
Bir gezek ol gawun iýmekçi boldy,
Gulunam çagyrdyp, derrew äkeldi.
Gawuny tizara dilimlesdirdi,
Ondan Lukmana-da birini berdi.
Iýip gutarmanka bir dilimini,
Gawundan doldurdy onun önüni.
Haky köýüp barýan bir husyt deýin,
Diýdi: «Hany, menem dadyp göreýin
Isdämen iýsini synlanda senin,
Ýaman däl ýaly-la tagamy munun.»
Diýdi-de, gawuna agyz urdy ol,
Ondan lezzet däl-de, ezýet gördi ol.
Dilinin üstüni gabarçyk tutup,
Ýatdy ol bir sagat özünden gidip.
Son nepesin dürsäp, diýdi guluna:
«Äkitjek bu gawun dogry ölüme.
Öt ýaly ajy bu, belki, awuly,
Nädip iýip bildin munça gawuny?
Ne ýüzüni çytdyn, ne ajy diýdin,
Bu zakguny nädip bildirmän iýdin?
Dusmanyn edäýjek isi edenin,
Düsünip bilemok bolsuna senin.»
Lukman diýdi: «Mana dostdugny bilýän,
Goldap ýörsün meni gözünden salman.
Göwnüme ýaranson edim-gylymyn
Hem-de mana eden kän ýagsylygyn,
Senin ýaly päk adamyn hödürlän
Ajy tagamy-da men üçin derman.
Sen elinden berlen herki tagamy
Ýüzün çytman iýse, gulun ne gamy?
Gudrat misden altyn döredip biler,
Hasratam köp zady öwredip biler.
Dünýede edilýän herki ýagsylyk
Sypa berýär köp dertlere em bolup.
Ugrun tapsan, sirke öwrülýär mee,
Tikenin awusyn duýanok düýe.
Ölüme buýrulan günäkär bende
Hos bolar jelladyn rehmi inende.
Ýagsylyk nur saçsa ysyk dek bolup,
Gündizlige döner tüm garankylyk.
Käte serdir öýdüp hasap edenin
Haýra dönüp, göwnün göterýär senin.
Ýok bolsa kalbynda haýryn tohumy,
Ýazyn gysa döner, bilip göý suny.
Ýüreginde haýryn tohumy barlar
Özlerni hökümdar hasap edýärler.
Ser – basagaýlykdyr, bilip goý suny,
Bilimdedir haýyr islen tohumy.»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.