Kynçylyk Hakynda – Kerim Gurbannepesow

Uly kynçylyga mahsus adamlar
Oňa oglanlykdan bolarmyş taýýar.
Ýöne kynçylygy sen saýlamarsyň,
Gözleriňe bakyp,
Ol seni saýlar.

Ol seniň kimdigňi gözüňden tanar,
Onsoň synag eder öz dünýäsinde.
Pyrlandyrar seni gyş dünýäsinde,
Aýlandyrar seni ýaz dünýäsinde.

Tomus dünýäsinde, güýz dünýäsinde
Synar ol. Dört
paslyň içinden geçir.
Bir ýerde
lakyrdap duran gaýnag suw,
Ýene bir ýerde-de buzly suw içir.
Içegäň çürşäýjek – ýalydyr
ýa-da
Bogazyň doňaýjak ýalydyr welin,
Şol gidip barýansyň,
hiç zadam bolmaz,

Dert-alada bilen doludyr beýniň.
Iloglusyň
Hem-de ýologlusyň sen.
Ýologlumyň – diýmek,
derdiňem köpdür.
Öz ili mekdepdir ilogly üçin,
Ilogly hem öz iline mekdepdir.

Öwrener, öwreder gider bararsyň,
Hem-ä şägirtsiň sen,
Hemem halypa.
Öwretmek beýle bir agyr iş däldir,
Öwrenmek – şol juda uly wezipe.

Öwretmek ajaýyp sungatdyr weli,
Öwrenşiň boýunça kesiler nyrhyň.
Ýologlusyň. Şeýdip gidip barýansyň,
Iloglusyň. Ýokdur illerden parhyň.

Bolubilse bardyr ýekeje parhyň.
Ony hem il biler. Duýmarsyň özüň.
Illeriňkä görä garypdyr çatmaň.
Illeriňkä görä närzadyr gyzyň.

Geýjekdir matalaň gowsuny saýlap.
Çagadyr. Etmez ol tapanna şükür.
Balaňdyr, dözmersiň. Işiňi goýup,
Onsoň esgi hakda edersiň pikir.

Ýene-de ýoldasyň…
Iliňkä görä
Alnyň çytygrak-da bolmagy mümkin.
Ýüzüň hem kämahal salygrak görner.
Emma gülen wagtyň
dag ýarar gülkiň.

Aglaňda aglarsyň aglan şekilli,
Güleňde gülersiň gülen şekilli.
Hem-ä okumyşsyň,
Hem akyllysyň –
Ýöne weli dälsiň
Ilden akylly.

Il aklyn ulanyp bilşiňe görä
Gymmatyň köpeler ýa-da kemeler.
Şol hasap boýunça mazarynda-da
Güler ýa-da aglar dogran eneler.

Sen kemally bolsaň – mazary giňär,
Sen bikemal bolsaň –
ýer dardyr enä.
(Ýeriň üstündäki bikemal ogul
Ýeriň astynda-da azardyr enä…)

Iloglumyň –
şeýder gider bararsyň.
Kynçylyk yzyndan kynçylyk dörär.
Kynçylyga görä artmaz möçberiň,
Kynçylyk artýandyr möçberňe görä.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.