Köňlüm – 1 – Mollanepes

Ajyz ser ýassykda, ymzanmaz tenim,
Hoşlaşyk salamyn berendir köňlüm.
Dişlerim gyjynar, ýörimiz ganym,
Ol pulsyrat oýnun görendir köňlüm.

Hoş galyň, gülşenli eý tämiz baglar!
Toý-tomaşa tutup gezilen çaglar,
Boz goçly, marally, dumanly daglar,
Size bir ajyzdyr, garandyr köňlüm.

Gyş pasly ýetişdi, gutardy ýazym,
Çillesi üzüldi, sem boldy sazym,
Ýeke byradarym Mämmetnyýazym,
Gör, ne külpetleri surendir köňlüm…

Sandyrar gollarym, galamym tutmaz,
Şunça köp oýlansam, pikirim ýetmez.
Dişlerim basmaýar, iýenim ötmez,
Ol baky tarapga ýörendir köňlüm.

Okydym destanyň, eý Hoja Ahmet,
Gudratyňa akyl haýran, Muhammet.
Hoşlaşaýly, goluň uzat, eý Ahmat!
Golun aşratlardan üzendir köňlüm.

Diregim sanardym, açyp kurany,
Söýerdim, sylardym ýüzi nurany,
Bu gün ýetip geldi ajal permany,
Beýle bir permandan ürkendir köňlüm.

Goluň ýetmez, tutup bolmaz aljagyň,
Adam ogly, ýok panyda galjagyň,
Az-da köp ýaşasaň, ine boljagyň…
Çoh ýagşy işlere ýarandyr köňlüm.

Kimler garyp ötýär, kimseler-de aç,
Kimse köýneklidir, kimse ýalaňaç,
Ömürlik ýoldaşym bolan Bossantäç!
Kabyl ýakasynda durandyr köňlüm…

Söýgüli destanym «Zöhre-Tahyrym».
«Babaröwşen» atly ýene dildarym,
Dünýäde taşladym hem ýogum, barym.
Arz eýläp, bir haka barandyr köňlüm.

Rumuň gülşeni, hindi tawusy,
Ýalançy dünýäden öter men asy,
Nyzamy, Nowaýy, ýene Firdöwsi,
Size mydam hormat goýandyr köňlüm.

Mertler aglar, tuta bilmez ýaragy,
Eňekler gagşaşar, gandyr garagy,
Hoş gal, gökleň şiri molla Pyragy,
Size sary rowan bolandyr köňlum.

Owgandan Eýrana ýöregen aglar,
Altyndan jylawly begres bezgitler,
Il-halk üçin baş göteren ýigigler!
Sizden karar eýläp durandyr köňlüm.

Sowukdyr yssydan gorap eklediň,
Ýüpege çoladyň, doga beklediň,
Ezizim diýip, götergiläp sakladyň,
Bagryn bozup, käbäm galandyr, köňlüm.

Aýralykdan meniň ýuregim dagly,
Uçup baran guş men, gözlerim bagly,
Luw ýylyn unutma, türkmeniň ogly!
Remezan aýynda gidendir köňlüm.

Söýerdim gyzlarny, ýagşy juwanlar,
Saz bilsn ötürdim ança döwranlar,
Gajar beg deý, Durdy han deý pälwanlar!
Sizlere dessanlar düzendir köňlüm.

Hoş galyň, gelinler, dostum, duşmanym,
Baýlarym, misginim, beglerim, hanym,
Şu gün tabşyrar men amanat janym.
Bir uýgun deňize düşendir koňlüm.

Baglarymda solup galdy ol reýhan,
Hasaplaş men bilen gel-de sen, bagban!
Ata-watan, hoş gal, eý Maru-Jahan!
Sende lybasyny atandyr köňlüm.

Nepes, hoşlaş hanha öwüsdi ýeller,
Gözi ýaşly günler, aýlar hem ýyllar,
Daşyň alyp durdy uluslar, iller,
Hoş galyň, kepene girendir köňlüm…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.