Kök – Kerim Gurbannepesow

Şahyr Baýram Jütdiýewe

Topragyň üsti durşuna agaç.
Topragyň asty eriş-de-argaç.

Ýüz dürli kökler eýläk-de-beýläk.
Emma bir-birin edenok heläk.

Birek-birege ýapyşýar olar.
Aşyklar kimin öpüşýär olar.

Öpüşdigiçe çuňlaşýar kökler.
(Islän çuňlugna ýetip biljekler!)

Çuňlaşdygyça olaryň köki,
Köpelip barýar omzunyň ýüki.

Omzunyň ýüki boldugyça köp –
Ýeriň keýpi kök,
Köküň
keýpi kök…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.