Köçämizde – Kerim Gurbannepesow

Köçämizde iki çaga uruşdy:
Ylgap çykdy her gapydan bir aýal.
Gök gapydan orta boýly Ogulşat,
Ak gapydan uzyn boýly Aýjemal.

«Seniň maňkalyňa urdurmak üçin
Ýolda ýatan düýbi gopan taňka ýok!»
Gök gapyly goýar ýerde goýmady,
O goýmasa ak gapylam goýanok.

Ogulşadyň eli durşuna hamyr,
Aýjemalyň eli durşuna palçyk.
Aýdymlarda wasp etmeli gelinler
Şeýdişip dursalar erbedem boljak.

«Çagaň şol agaçdan bärik geçmesin!»
«Şol kesekden bärik geçmesin seňkem!»
Ýuwaş-ýuwaş köşeşmegiň deregne,
Gelinleň dawasy bekeşdi kem-kem.

Gelinleň ikisem at ýaly gelin –
Billeri bir gysym, gözleri goçak:
Eger ýolda-yzda duşaýsaň dagy,
Gaňrylyp-gaňrylyp bakasyň geljek.

Men nädip olara akyl bereýin?
Ömrüm boýy edip şolaryň waspyn,
Iň gowy goşgymy, gowy aýdymmy
Şeýle gelinleriň ýüzünden tapdym.

Emma häzir weli giden bir gopgun:
Öz-özüň utanyp, bakýarsyň aşak.
Ak goşaryn galgadyp dur Aýjemal,
Gara saçyn hüžžerdip dur Ogulşat.

Çagajyklar eýýäm ýaraşypdyrlar.
Ejeleri bolsa hum ýaly çişip,
Şol gygyrşyp durlar,
gygyrşyp durlar.
Onýança şarkyldap açyldy işik.

Şarkyldap açyldy ýene bir işik.
Çykdy her gapydan epeý bir kişi:
Ak gapydan buýra saçly Akmyrat,
Gök gapydan gara murtly Gulkişi.

Her haýsy özüniň aýalyn gollap,
Akmyrat topuldy saçyny sallap,
Gulkişi topuldy murtuny sallap…
Ine şeýdip iki gelin dört boldy!
Toba-essagpyrulla!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.