Kerwen Talanandan Son Gygyrýan Sakçy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

KERWEN TALANANDAN SON GYGYRÝAN SAKÇY HAKYNDA HEKAÝAT

Kerweni goramak tabsyrlan sakçy
Bir gije düslegde hor çekip ýatdy.
Ona derek uklamandy ogrular,
Kerwenin bar ýükün talady olar.
Derde ýarar zatlan galdyrman birin,
Çägänin teýinde bukdular baryn.
Söwdagärler säher bilen oýanyp,
Bilmediler gözlerine ynanyp.
Çöl içinde tutjak ýaly salgymy,
Olar yz çalysyp, her ýan galgady.
Zatlaryndan tapylmanson hiç derek,
Edil aýaklary oda bisen dek,
Sakçyn ýakasyndan towlap tutdular,
«Näme boldy?» diýip, sorag etdiler.
«Ogrular dökülip üstüme gije,
Bar zady aldylar, ynha, netije».
«Göreninden, düsüp kalbyna dowul,
Ýatdynmy olara bermän gaýtawul?»
«Men ýeke, olaram ep-esli bardy,
Biri pyçak çenäp, zährämi ýardy».
«Gygyrybam bilmedinmi, eý, pekge,
Üýssek, ogrulara gelerdik hötde».
«Isleseniz, häzir ýyrtyp bogazym,
Dolup biljek sol dymanmyn öwezin…»
Süýrelip barýarkan dowzaha taýa,
Haýry degmez ýalbarsan-da Hudaýa.
Her nenen gudratly aýatdyr doga
Halas boljagyna geçenok güwä.
Gep bar: «Sakgal ezmez sonky tüýkülik»,
Bimanydyr wagty geçen gykylyk.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.