Kazym – Kemina

Müberek bolsun seýliňiz,
Azm edip siz ýola, kazym!
Agyr ýük syndyr biliňiz,
Diýsem, geler dile, kazym.

Külden depe beýik bolmaz,
Synsa köňül, seýik bolmaz.
Gara keýik keýik bolmaz,
Meger, girse çöle, kazym.

Diýsem kazylar kärini,
Aýdyp bolmaz-la ýaryny,
Ýalan sözleriň baryny
Satarsyňyz pula, kazym!

Kemine, gepim gep bolar,
Diýsem, dertlerim dep bolar,
Garyplar size çep bolar,
Çyn töhmet siz ile, kazym!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.