Kanda Bolar – Magrupy

Kanda bolar
Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Çyn gözeller kanda bolar?
Gün görmeýen melaýyklar
Ürgenç bile Hotandadyr.
Üstüne mahmal atdyran,
Ýüzüne perde tutduran,
Her ne diýenin etdiren
Näzli maral Buhardadyr.
Ala köýnek, dony belli,
Syýa gara saçy telli,
Uzyn boýly süýji dilli
Mylaýymlar özbekdedir.
«Alaý-sulaý!» diýip sözler,
Ýorga münüp, ýylky gözlär,
Sagrysy bäs garys gyzlar
Gazak bile galpakdadyr.
Döwletýar beg diýr, öwmeli,
Ýakasy gosa düwmeli,
Basy tylladan egmeli,
Çyn gözeller türkmendedir.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.