Jeza – Kerim Gurbannepesow

Belet men Bäş ýaşyň nämedigine.
Kim berse eliňe bir tokga nabat,
Bir tokga şokolad – seň üçin onsoň
Şondan eziz adam ýer ýüzünde ýok.

Belet men On bäşiň nämedigine.
Agzyňdan süýt ysy
kükýändir weli,
Ýüzüňe uraýsa bir gyzyň demi,
Teniňe degäýse bir gyzyň eli,
On iki synaňa ýaýradyp ýyly,
Oýandyrar gudrat alamatyny.
Ýöne götererden
ýaşsyň sen, ýaşsyň,
Kişi perzendiniň garamatyny.

Belet men ýigrimiň nämedigine.
Ýigrimi – pähimniň ortalyk ýoly.
Jahyl ýoluň kem-kem çekilip yza,
Başlar tüweleýli atalyk ýoly.

«Dünýäde akyl ýok seň aklyň ýaly!»
Tüweleý apalar, magtar, gyjyklar.
Gyjyklap, gyjyklap dälireder-de,
Seni Ýigrim bäşiň üstüne oklar.

Şo mahalam seni dostuň gujaklar.
«Äber eliň!» diýip basar bagryna.
Şol gujaklan dostuň kimdigne görä,
Gidersiň azyň ýa köpüň ugruna.

Duşmanyň zelelne, iliň haýryna
Bar bolsa dünýäde başarjak zadyň,
Başararsyň onsoň. Otuza çenli
Eýelik edersiň –
Bar bolsa adyň.

Şeýdibem Kyrkyňa urarsyň ädim.
Bu ädim – ömrüňde mukaddes çygyr.
Ýegşerşiňe görä bilerler şonda –
Kebzäňdäki ýüküň
Ýeňilmi, agyr?

Şonda-da gerşiňde bolmasa ýagyr –
Onsoň Elliňe-de bil baglamagyn.
Il-günüň mynasyp jezaňy berer:
Ne ölümiň dilär,
Ne-de saglygyň.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.