Janyň Barynda – Kemina

Bu dünýäde gapyl boldum, oturdym,
Deprenmedim şirin janyň barynda;
Jahanyň gaýgysyn tartyp getirdim,
Dara düşdüm giň jahanyň barynda.

Dostlar bilen bir magrypet açmadym,
Gül ömrümde gül
gunçasyn guçmadym,
Näzi-nygmat görüp, iýip-içmedim,
Aşsyz galdym aşyň, nanyň barynda.

Belent ýere çykyp, garandym daşym,
Köňlüm müň paradyr,
ýalňyzdyr başym,
Hany meniň jana-janym, ýoldaşym?
Musapyr men Söýünhanyň barynda.

Göge uzatsam, göge elim ýetmeýär,
Ýere baksam, köňlüm karar etmeýär,
Seniň şu dünýäňe mährim gitmeýär,
Gara ýeriň — aždarhanyň barynda.

Garynjanyň öz ornunda sany bar,
Peşe uçsa, ganaty bar, jany bar,
Her öýüň bir adalatly hany bar,
Hansyz galdym begiň,
hanyň barynda.

Bir kem otuz ýyldyr
sürüşdim döwran,
Ýar, sensiz gerekmez
bu pany jahan!
Kemine — bakardyň
tawus dek her ýan,
Indi şatlyk ýokdur
dünýe barynda.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.